Putin 29-njy iýunda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň Prezidentleri bilen duşuşar

28.06.2022, 08:4126,097

RF-niň Prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýunda Aşgabatda Hazar sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer.

"Serdar Berdimuhamedow bilen gysgaça söhbetdeşlik bolar, ondan soňra Altynjy Hazar sammitine gatnaşmaklyk meýilleşdirilýär. Sammit tamamlanandan soň, Putin Azerbaýjanyň Prezidenti we Eýranyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer» diýip, duşenbe güni brifingde RF-niň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi diýip, RIA Nowosti ýetirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.