Kyodo: Ýaponiýa oktýabrda pandemiýa sebäpli hereket edýän ýurda giriş limitini ýatyrar

13.09.2022, 13:5710,483

Ýaponiýanyň hökümeti oktýabrda koronawirus pandemiýasy sebäpli hereket edýän daşary ýurtdan giriş limitini doly aýyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada duşenbe güni Kyoda agentligi habar berdi.

Häzir gije-gündiziň dowamynda gelýänler 50 müň adam möçberinde çäklendirilen. Emma premýer-ministr Fumio Kisidanyň administrasiýasy telekeçiligiň, ilkinji nobatda, syýahatçylyk ulgamynyň  bähbitlerini nazara almak bilen, bu düzgüni ýatyrmagy göz öňünde tutýar.
Mundan hem başga, Ýaponiýanyň hökümeti pandemiýanyň başyndan bäri ilkinji gezek gezelenç guramakda syýahatçylyk agentlikleriniň hyzmatyndan peýdalanmaýan özbaşdak syýahatçylara girmäge rugsat bermek wariantyna ara alyp maslahatlaşýar.
Ýaponiýa eýýäm 7-nji sentýabrdan başlap, çäklendirmeleriň birtoparyny gowşatdy. Ýurduň ykrar eden waksinasyndan üçüsini alanlara uçuşyň öňýany koronawirus üçin test tabşyrmak gerek däl. Şeýle-de, ýurda girýänleriň sanynyň gije-gündiziň dowamyndaky limiti 20 müňden 50 müňe çenli köpeldildi, ondan hem başga, syýahatçylyk agentliklerinden paket turyny satyn alan, ýany ýolbelentsizem bolsa, özbaşdak syýahatçylary goýberip ugrady.  Syýahatçynyň özi özüne bilet satyn alyp, myhmanhana bronlaýan görnüşdäki özbaşdak gezelençler häzirlikçe gadagan bolmagynda galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.