Türkmenistanly meşhur tälimçisi Fabio Kannawaronyň Dünýä çempionatyndaky oýun usulyny tankyt etdi

Şu gün, 17:025,409
1 / 2

Türkmenistanly meşhur tälimçi Waleriý Nepomnýaşiy Özbegistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Fabio Kannawaronyň dünýä çempionatyndaky oýun usulyny tankyt etdi. Bu barada RIA Nowosti agentligi habar berýär.

Tejribeli hünärmeniň pikiriçe, italiýaly tälimçi dünýä çempionatynda özbek futbolçylarynyň ukybyny we mümkinçiliklerini doly açyp bilmedi.

– Meniň tarapymdan bu barada bärde aýtmak biraz gelşiksizräk bolmagy-da mümkin. Ýöne meniň pikirimçe, topara Timur Kapadze (saýlama oýunlar arkaly topary dünýä çempionatyna çykaran tälimçi) ýolbaşçylyk etmelidi. Meniň üçin-ä Kannawaro futbolçylaryň derejesine dogry baha berip bilmedik we oýunlar üçin dogry oýun usulyny saýlap bilmedik ýaly görünýär. Ol futbolçylary öz ýörelgesine uýgunlaşdyrmaga synanyşman, eýsem olaryň iň gowy taraplaryny ulanmalydy. Olaryň ýanynda uzak wagtlap işlän Kapadze bolsa oýunçylaryň ukybyna has beletdi. Birinji oýunda topar gaty gysylyp, örän seresaply oýnady, ikinji oýunda bolsa, tersine, diýseň töwekgel hereket etdi – diýip, Nepomnýaşiy aýtdy.

– Üçünji oýunda nähilidir bir zatlar düzelişen ýaly-da boldy, ony diýseň, garşydaş hem beýle güýçli däldi. Özbegistanyň ýygyndysy üçünji orun bilen indiki tapgyra çykar diýip garaşanym üçin, men juda lapykeç boldum. Arman başartmady. Biziň belet oýunçylarymyz özlerini gaty gowy tarapdan görkezdiler. Emma şeýle düzüm bilen, elbetde, goranyşdan oýnap, esasy hüjüme geçip biljek pursatlary yzarlamalydyň. Bu mümkinçilikleri ulanyp biljek oýunçylaram bardy. Portugaliýa ýa-da Kolumbiýa bilen deňme-deň oýnamaga synanyşmak bolsa, düýbünden nädogry boldy – diýip, tälimçi aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Nepomnýaşiy Sport-Ekspress neşirine beren interwýusynda öz pikirini has-da giňeltdi:

– Kannawaro şeýle gysga wagtyň içinde futbolçylaryň ukybyny öwrenmäge ýetişmedi. Üstesine-de oýunçylaryň başaryp bilmeýän häzirki zaman ýörgünli gurluşlary we usullary ulanjak boldy.

Şeýle-de bolsa, ol «Özbegistanyň ýygyndysy uly öňegidişlik etdi. Futbol arkaly olary bütin dünýä tanady. Oglanlar özlerini örän salyhatly alyp bardylar we golda baryny gaýgyrmadylar» diýen ýaly gowy belliklerem etdi.

Fabio Kannawaro Özbegistanyň ýygyndysynyň başyna 2025-nji ýylyň oktýabrynda, Timur Kapadzeniň ornuna geldi. Onuň ýolbaşçylygynda topar öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň final tapgyryna gatnaşdy, ýöne K toparçada geçirilen üç oýunda hem ýenlip, iň soňky orna düşdi. Birinji tapgyrda topar Kolumbiýadan utuldy (1:3) – bu duşuşykda Abbosbek Faýzullaýew Özbegistanyň dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky ilkinji goluny urdy. Ikinji duşuşykda özbekler Portugaliýadan 0:5 hasabynda ýeňildiler. Toparçanyň iň soňky oýnunda bolsa Kongo DR ýygyndysyndan 1:3 hasabynda utuldylar.

Waleriý Nepomnýaşiy 1943-nji ýylda doguldy. Ol futbolçylyk karýerasyna 1961-nji ýylda Aşgabadyň «SKIF» klubunda başlady, soňra Samarkandyň «Spartak» we Aşgabadyň «Lokomotiw» toparlarynda oýnady. Tälimçilik işine bolsa 1979-njy ýylda «Köpetdag» (öňki «Kolhozçy») klubunda başlady. Karýerasynyň dowamynda ol Türkiýäniň «Gençlerbirligi» we «Ankaragüjü», Özbegistanyň «Pahtakor» ýaly meşhur toparlaryna ýolbaşçylyk etdi, şeýle hem Kamerunyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň baş tälimçisi bolup işledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.