Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Mýon Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligine Demirgazyk Amerikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda milli ýygyndynyň şowsuz çykyş etmeginiň sebäplerini derňemegi tabşyrdy.
«Men professional futbol toparynyň öňki hormatly direktory we ýygyndynyň gyzma janköýeri hökmünde bu garaşylmadyk netijeden diňe bir aljyraňňylygy duýman, eýsem gaty geň galýaryn… Ýygyndynyň dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyryna çykyp bilmezligi raýatlary diýseň lapykeç etdi we bu, görnüşi ýaly, dolandyryşdaky hem-de kadr syýasatyndaky ýalňyşlyklaryň netijesidir» – diýip, döwlet Baştutany X sosial ulgamynda öz çözgüdini esaslandyrdy.
Şeýle hem ol ýurduň futbol ýolbaşçylaryny tanyş-bilişlerini işe çekmekde we başarnyksyzlykda aýyplady.

Topar ýaryşdan çykandan soň, 28-nji iýunda öň ýygyndynyň oýunçysy bolan baş tälimçi Hon Mýun Bo wezipeden çekildi. Ol milli ýygyndynyň başyna 2024-nji ýylyň iýulynda bellenipdi, onuň şertnamasy bolsa 2027-nji ýylyň Aziýa kubogyna çenli niýetlenipdi. Mundan öň bu hünärmen 2014-nji ýylyň dünýä çempionatynda hem milli ýygynda tälim berdi, şonda-da topar pleý-offa çykyp bilmändi.
Yonhap agentliginiň bellemegine görä, Hon Mýun Bonuň tälimçilige bellenilmegi Koreýanyň futbol assosiasiýasynyň kadr çözgütleriniň aýdyň bolmazlygy sebäpli tankytlar bilen utgaşypdy. Geçirilen barlaglardan soň, Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligi assosiasiýanyň prezidenti Çon Mon Gýuwa we birnäçe beýleki ýolbaşçylara garşy düzgün-nyzam çärelerini ulanmagy talap etdi.

Dünýä çempionatynda Günorta Koreýa A toparçada bir ýeňişden we iki ýeňlişden soň, üç utuk ýygnap, üçünji orny eýeledi.
Toparyň ýaryşdan çykmagy jemgyýetçilikde uly nägilelik döretdi: ýerli telekanallar baş tälimçiniň ýüzüni ekranlarda bulaşyk edip görkezip başlady (adatça ýurtda şeýle wizual effekt diňe jenaýatçylar üçin ulanylýar), käbir guramalarda we naharhanalarda bolsa «Hon Mýun Bo girmek gadagan» diýen ýazgylar peýda boldy.