Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen garaşylmadyk her tüýsli netijeleri sowgat etdi.
Braziliýa — Ýaponiýa — 2:1. Ýaponlaryň pajygaly ahyry
Hýustondaky (Tehas ştaty, ABŞ) «En-Er-Dji» stadionynda geçirilen duşuşyk Braziliýanyň ýygyndysynyň erjel ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýnuň 29-njy minudynda Danilo sag ganatdan merkeze tarap pas berdi, ýöne ýapon oýunçysy Kaýsyu Sano braziliýalylardan öňürtmäge ýetişdi-de, topy alyp gidip, göni jerime meýdançasynyň golaýyndan Alison Bekeritiň derwezesiniň aşaky sag burçuna takyk zarba urdy – 0:1. Duşuşygyň birinji ýarymy Ýaponiýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlanyp, artykmaçlyk olarda galdy.
52-nji minutda ýaponlaryň derwezesiniň öňünde örän howply pursat ýüze çykdy: Daniloniň nobatdaky asmana kelemenleden pasyndan soň, Bruno Gimaraýnş howadaky bäsleşikde utup, derweze tarap zabt etdi, ýöne derweban Szion Sudzuki howpy sowmagy başardy. Ýene bir minutdan soň, Kasemiro indiki howa bäsleşiginde ýeňiş gazandy we ýaponlaryň goragçysy Tomiýasu topy göni derwezäniň çyzygynyň üstünden alyp çykdy. Üç minut geçensoň braziller baribir hasaby deňlediler: bu gezek Kasemiro Gabrieliň çep ganatdan beren pasyny kellesi bilen gola öwürdi we ýakyn aralykdan hasaby deňledi — 1:1.

Oýun täzeden başlanandan soňra diýen ýaly, Winisius Žunior braziliýalylary öne geçirip biljekdi, ýöne pökgi ilki derwezebanyň barmaklarynyň ujuna, soň gidip, derwezäniň sütünine degdi.
Oýnuň çözüji pursaty 96-njy minutda (90+6) boldy. Bruno Gimaraýnş jerime meýdançasynyň çyzygynda ýapon oýunçysynyň haýallygyndan peýdalanyp, topy aldy we çep tarapda ätiýaçlykdan oýna giren Gabriel Martinellä pas berdi. Ol hem göwresi bilen goragçyny gysyp çykardy, topy kabul etdi we uzak burça takyk zarba urdy — pökgi sütüne degip, derwezeniň toruna girdi.

Soňky sekuntlarda ýeňşi gaňryp alan Braziliýa 1/8 finala çykdy we ol ýerde Kot-d’Iwuar — Norwegiýa jübütiniň ýeňijisi bilen oýnar.
Germaniýa — Paragwaý — 1:1 (penaltiler tapgyry — 3:4). Iň gowy hüjüm – bu goranyşdyr
Germaniýa bilen Paragwaýyň arasynda ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky Foksboro şäherinde ýerleşýän «Jillett» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlikde tamamlandy. Paragwaýlylar oýnuň 42-nji minudynda hasaby açmagy başardylar: Matias Galarsanyň asmana göterip beren pasyndan soň, Hulio Ensiso 11 metrlik nokat töwereginde topy takyk ugrukdyryp, derwezä girizdi.

Germaniýa bolsa oýnuň 54-nji minudynda hasaby deňledi: Florian Wirc çep ganatdan jerime meýdançasynyň içine tarap pas ugratdy, Kaý Hawerc bolsa ýokary böküp, garşydaş goragçy bilen bäsleşikde topy ýeňsesi bilen derwezäniň uzak burçuna ugratdy.

Goşmaça wagtyň 102-nji minudynda Žonatan Ta kellesi bilen gol saldy, ýöne baş emin VAR ulgamy bilen maslahatlaşandan soň, bu goly hasaba almady. Umuman aýdylanda, Paragwaý bu oýunda goranyşda nusgalyk we örän berk oýun görkezdi: nemesler oýun boýunça derweze tarap jemi 21 gezek zarba urdular, ýöne şolaryň diňe ýekejesi netijeli boldy.

Oýundan soňky penaltiler tapgyrynda bolsa Paragwaý 4:3 hasabynda has güýçli çykdy. Paragwaýyň derwezebany ajaýyp oýun görkezip, ilki Kaý Hawerciň urgusyny, soňra bolsa säginip zarba uran Nik Woltemadeniň urgusyny yza gaýtarmagy başardy. Paragwaýyň düzüminden bolsa diňe Antonio Sanabriýa öz mümkinçiliginden peýdalanyp bilmedi, galan ähli urgular takyk boldy. Şeýlelikde, Paragwaý ýaryşyň indiki tapgyryna çykdy we ol ýerde Fransiýa — Şwesiýa jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.
Niderlandlar — Marokko — 1:1 (penaltiler tapgyry — 2:3). Penaltiden maňlaýsyz ýeňilmezek niderlendlar
Meksikanyň Gwadalupe şäherindäki «BBVA» stadionynda geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy.

Oýnuň 72-nji minudynda Krisensio Sammerwilliň ýykylyp barýarka görgi bilen beren pasyny Kodi Gakpo gola öwrüp, Niderlandlary öne geçirdi. Marokkolylar bolsa 91-nji minutda (90+1) duşuşygy halas etmegi başardylar – Şemsdin Talbiniň ugradan pasyny Issa Diop kelle bilen derwezä girizdi.

Oýundan soňky penaltiler tapgyrynda şowsuz urgular köp boldy, ýöne marokkolylar has az ýalňyşlyk goýberip, 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Marokko tarapyndan ilkinji bolup, El-Aýnaui sypdyrdy — ol topy derwezäniň ýokarky söýesine degirdi. Şondan göni soňra niderlandly Jastin Klýuýwert çep tarapdaky sütünine degrip, zarba urdy. Ondan soňra Kinten Timber topy hatda sütüne-de degirmän, çep tarapdan derwezäniň gapdalyndan geçirdi. Marokkolylaryň ýyldyzy Aşraf Hakimi hem öz gezeginde mümkinçiligini sypdyryp, topy sütüne urdy. Iň soňunda bolsa, Marokkonyň derwezebany Ýassin Bunu Sammerwilliň topuny yza gaýtarmagy başardy, galan ähli urgular bolsa takyk ýerine ýetirilip, gola öwrüldi.

Marokko 1/8 finala çykýar we 4-nji iýulda Kanada garşy oýnar.
Ýakyn wagtda geçiriljek duşuşyklaryň tertibi:
Kot-d’Iwuar — Norwegiýa (Dallas) — 30-njy iýunda sagat 22:00-da;
Fransiýa — Şwesiýa (Nýu-Jersi) — 1-nji iýulda sagat 02:00-da;
Meksika — Ekwador (Mehiko) — 1-nji iýulda sagat 06:00-da.