Ýerde alymlaryň çak edeninden üç esse köp mör-möjek görnüşi ýaşaýar

Şu gün, 15:341,443

Halkara gözlegçiler topary köp sanly tropiki çapar arylaryň (Parasitica) DNT gurluşynyň seljermesini geçirdi. Geçirilen işiň netijeleri planetamyzdaky mör-möjekleriň hakyky görnüş sanynyň häzirki resmi çak edilýän görkezijilerden, takmynan, üç esse köpdügini görkezdi. Bu barada Kornell uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Uniwersitetiň dosenti Laura Guzmanyň sözlerine görä, şu güne çenli ylmy edebiýatlarda mör-möjekleriň 1,2 milliona golaý görnüşi suratlandyryldy. Şol bir wagtyň özünde Ýerde bar bolan umumy görnüş sany öň, takmynan, 6 million töweregi diýlip çak edilýärdi. Täze maglumatlar bolsa alymlara bu sanyň hakykatda 14 milliondan 20 milliona çenli ýetip biljekdigini öňe sürmäge mümkinçilik berýär.

Hünärmenler şeýle netijelere Kosta-Rikada ýerleşýän Guanakaste tebigaty goramak zolagyndaky mör-möjekleri öwrenmek boýunça barlaglaryň dowamynda geldi. Soňky ýyllarda bu çäkde 10 müňe golaý görnüş ýüze çykaryldy. Alymlar bu baý ýerli biodürlüligi planetadaky umumy görnüş sanyny kesgitlemek üçin ulandy. Olaryň işi genom seljermesine we ýönekeý matematiki kanunalaýyklyga esaslandy.

Ylma entek mälim bolmadyk mör-möjekleriň sanyny kesgitlemek şol bir uruglaryň we maşgalalaryň wekilleriniň DNT-siniň belli bir bölekleriniň gurluşyndaky tapawutlylyk derejesini öwrenmegiň netijesinde başartdy. Biologlar Ýer şarynyň oňurgasyz haýwanat dünýäsini kataloglaşdyrmak baradaky giň gerimli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.