Honda we LG Energy ABŞ-da bahasy 4,4 mlrd dollarlyk akkumulýator zawodyny gurar

13.10.2022, 12:368,402

Ýaponiýanyň Honda Motor ulag öndürijisi Günorta Koreýanyň LG Energy Solution kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 4,4 mlrd dollara Amerikanyň Ogaýo ştatynda elektromobiller üçin akkumulýator öndürýän zawod gurar.

Hondanyň habar bermegine görä, täze zawodyň gurluşygy 2023-nji ýylyň başynda bat alar, 2025-nji ýylyň ahyrynda bolsa ony ulanmaga bermek bellendi. Zawod Kolumbus şäheriniň 40 mil günorta-günbatarynda ýerleşer.
Honda bilen LG Energy geçen ýyl kärhananyň gurluşygy üçin bilelikdäki kärhananyň döredilýändigini yglan edipdiler, emma has anyk jikme-jiklikleri aýtmandylar.
Garaşylyşy ýaly, täze desgada 2,2 müň adama iş orny dörediler.
Şeýle-de Honda ABŞ-da awtoulaglary we elektromobiller üçin güýç gurluşlaryny öndürýän birnäçe zawody täzeden enjamlaşdyrmaklyga 700 mln dollar maýa goýberýändigini habar berdi.  Kompaniýa Demirgazyk Amerikada 2026-njy ýylda elektrokarlary goýbermäge we satmaga başlamagy meýilleşdirýär.
Honda 2050-nji ýyla çenli zyýanly zyňyndylary nola deňlemegi gazanmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde Demirgazyk Amerikanyň ýurtlarynda 2040-njy ýyla çenli içinden ot alýan hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwyny bes etmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.