Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary maslahatlaşdy

12.11.2022, 07:2413,231

Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Samarkantda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşykda belledi.

Duşuşyk Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow we türk Lideri birek-biregi Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanylmagy bilen gutladylar.
Bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan Türkiýe bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasynda parlament gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.