«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly»: Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ady yglan edildi

30.12.2022, 03:2922,550

Türkmenistanda 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda Karar çykardy. Bu barada Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 29-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Bellenilişi ýaly, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak hakynda köp sanly teklipleri öňe sürüldi. Bu teklipler ähli halk tarapyndan giňden goldanyldy.
Belläp geçsek, tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň şygary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylydy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.