Hytaý ýurda girýän adamlar üçin karantini ýatyrdy

10.01.2023, 02:399,636

«Bloombergiň» habaryna görä, Hytaý 8-nji ýanwardan başlap koronawirusa garşy göreşiň çäginde girizilen ýurda girmek bilen bagly esasy çäklendirmeleri ýatyrdy.

Daşary ýurtdan gelýän adamlar gaýtmazyndan 48 sagat öň COVID-19 testini tabşyrmaly bolarlar, ýöne indi Hytaýa gelensoň olardan karantinde bolmak talap edilmez.
Hytaý 22-nji ýanwara gabat gelýän kamary ýyl hasaby boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda syýahat çäklendirmelerini ýatyrýar. Baýramçylyk günlerinde hytaýlylar, adatça, garyndaşlaryna görme-görşe gidýärler. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, kowid çäklendirmeleri ýatyrylandan soň, ilkinji uçuş gatnawda gelenleriň arasynda birnäçe ýyl bäri maşgalalaryny görüp bilmedikler bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.