Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen duşuşdy

20.01.2023, 11:1324,729

Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy diýip, RF-niň Hökümetiniň resmi saýty habar berýär.

Mähirli garşy alandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, Mişustin RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Russiýanyň Hökümetiniň Baştutany söwda-ykdysady, ulag ulgamlarynda, energetika hem-de senagat, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belledi.

«Russiýa Federasiýasynyň örän köp sanly subýektleri Türkmenistanda işleýär. Dostlukly gatnaşyklary — söwda, senagat, ykdysady, medeni gatnaşyklary bolan Russiýa Federasiýasynyň 60 sany subýekt bar» - diýip, Russiýanyň premýer-ministri belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.