Mercedes 93 müň sany işgäriniň hersine 7 300 ýewro bonus berer

22.01.2023, 12:5923,197

Mercedes-Benz kompaniýasy girdejisiniň bir bölegini işgärlere uly bonuslar tölemek üçin paýlamak niýetiniň bardygyny mälim etdi - bu ýylyň ahyrynda üstünlikli netijelere getiren işleri üçin olara minnetdarlyk bolar. Kompaniýa bu tejribäni 1997-nji ýyldan bäri ulanýar, ýöne häzirki tölegleriň mukdary rekord derejä - 7300 ýewro ýeter.

Mercedes-Benz bu  tölegleriň, mikroelektronikanyň ýetmezçilikleriniň dowam edýändigine, ýerli kowid çäklendirmelerine we geosyýasy näbelliliklere garamazdan, işgärleriň gazananlaryny we ýokary çeýeligini bellemegiň bir usulydygyny aýtdy.
Bonuslary Germaniýada Mercedes-Benz-iň 93 000 işgäri alar. Her bir adam üçin tölegiň mukdary nyrh tertibine görä kesgitlener. Geçen ýyl ýyllyk pul baýragynyň mukdary 6 müň ýewro ýetdi, ýöne kompaniýa öňki gezek 6465 ýewrony rekord töleg diýip hasaplapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.