BAE Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda dialog boýunça hyzmatdaş derejesini aldy

08.05.2023, 10:524,192

Birleşen Arap Emirlikleri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda (ŞHG) dialog boýunça hyzmatdaş derejesini aldy. Bu barada WAM gullugy habar berdi diýip, gazeta.ru ýazýar.

“BAE Guramanyň Daşary işler ministrler geňeşiniň mejlisiniň çäginde ŞHG-de resmi taýdan dialog boýunça hyzmatdaş derejesini aldy. <...> BAE-niň gatnaşmagynyň iň tolgundyryjy pursady ŞHG-a goşulmak barada özara düşünişmek memorandumyna gol çekilmegi boldy "- diýip, habarda aýdylýar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Hindistandaky ilçisi Abdel Naser Al-Şaaliniň dabarada öz ýurduna wekilçilik edendigi habar berildi.
Bu dereje BAE-niň dünýäniň ýurtlary we köptaraplaýyn guramalary bilen gatnaşyklary saklamak we ösdürmek boýunça hemişe tagalla edýändigini görkezýär diýip agentlik belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.