Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

25.04.2026, 11:033,650

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde gol çekdi.

Baýram Baýramow 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Türkmenistanyň BAE-däki diplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Täze wezipä bellenilmegi oňa Abu-Dabidäki esasy işi bilen bir hatarda, Kuweýtde hem ýurduň bähbitlerini goramaga we sebitdäki döwletara gepleşikleri has-da ösdürmäge mümkinçilik berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.