«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory bellenildi

14.07.2023, 16:5918,879

14-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň dowamynda Serdar Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, N.Nyýazlyýewi «Türkmenhimiýa» döwlet  konserniniň başlygy wezipesinden boşadyp,  konserniň başlygy wezipesine Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory D.Sapbaýewi bellemek barada karara gelendigini aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Wezipä täze bellenen ýolbaşçy bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,  öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin güýç-gaýratyny, tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Serdar Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, wise-premýer B.Annamämmedowa gurluşyk we senagat toplumynyň  kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri geçirmegi,  himiýa kärhanalaryny doly kuwwatyna çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.