Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi täzelendi

29.08.2023, 11:068,109

Gismet Fizuly ogly Gezalow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Sişenbe güni Trend agentliginiň habar bermegine görä, Prezident Ilham Aliýew degişli karara gol çekdi.
Şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidenti degişli karary bilen, Gasan Sultanogly Zeýnalowy Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.