1-nji noýabrdan başlap «Türkhowaýollary» Türkmenistana hepdede 9 gezek uçar

30.10.2023, 07:3128,028

2023-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap, Turkish Airlines türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnawlarynyň ýygylygyny hepdede 9 gezege çenli artdyrdy. Muňa awiakompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilen gatnawlaryň täzelenen tertibi şaýatlyk edýär.

Täzelenen tertibe laýyklykda, awiakompaniýanyň uçarlary Türkmenistandan Türkiýä we yzyna duşenbe, sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri hepdede 1 gezekden, şeýle hem çarşenbe we anna günleri hepdede 2 gezekden uçuş eder.
Şeýle hem gyşky tertibe geçilenligi bilen baglylykda, gatnawlaryň uçuş wagtyna hem üýtgeşmeler girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.