Gananyň paýtagtyna ýagan güýçli çabga ägirt uly suw joşgunyna sebäp boldy

Şu gün, 12:021,022
1 / 2

Gananyň paýtagty Akkra şäherine weýrançylykly ýagan güýçli çabga ägirt uly suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy betbagtçylygyň netijesinde azyndan 13 adam aradan çykdy diýip, ýurduň Içeri işler ministrligine salgylanýan JoyNews teleýaýlymy habar berýär.

Gyssagly kömek gulluklary dereksiz ýiten adamlar boýunça gözleg işlerini dowam etdirýärler, emma olaryň anyk sany häzirlikçe mälim däl. Halas ediş toparlary eýýäm weýrançylyga sezewar bolan sebitlerden 470 sany ýaşaýjyny howpsuz ýere göçürdi.

Bir gije-gündiziň dowamynda Akkra sebitine takmynan 140 millimetr ýagyn düşdi. Ýerli häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, bu soňky 11 ýylyň içindäki iň güýçli ýagan ýagmyr boldy.

Gananyň hökümeti tebigy betbagtçylygyň netijelerini aradan aýyrmak we ejir çekenlere kömek bermek üçin takmynan 20 million dollar serişde böldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.