Lionel Messi «Möý adam: Täze gün» (Spider-Man: Brand New Day) filminiň mahabat wideosyna gatnaşdy. Wideo «Sony Pictures» kinostudiýasynyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýerleşdirildi.
Wideonyň sýužetine görä, Messi Nýu-Ýorkdaky bir dükana girýär we ol ýerde Piter Parkere (onuň roluny Tom Holland ýerine ýetirýär) duş gelýär. Futbolçyny gören Parker garaşylmadyk ýagdaýdan büdräp baryp, onuň bu ýerde näme edýändigini soraýar. Messi telefonyndaky goşundyny görkezip, ispan dilinde Möý adamy gözleýändigini aýdýar.
Şondan soň Parker gidip, derrew supergahrymanyň eşiginde dolanyp gelýär we futbolçydan beýiklikden gorkýandygyny-gorkmaýandygyny soraýar. Messi soraga düşünmeýär, ýöne indiki kadrda ol eýýäm Möý adam bilen bilelikde Nýu-Ýorkuň asmanynda uçup barýar.
«Möý adam: Täze gün» filminiň dünýä premýerasy 29-njy iýula meýilleşdirildi.
Dünýä çempionaty — 2026-da Messi geçiren alty goly bilen (fransiýaly Kilian Mbappe bilen bilelikde) ýaryşyň iň gowy bombardirleriniň sanawynda birinji orny eýeleýär. Mundan başga-da, häzirki wagtda Messi dünýä çempionatlarynyň bütin taryhynda iň köp gol geçiren futbolçydyr (19 gol). 1/16 finalyň duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysy 4-nji iýulda Maýamide Kabo-Werde bilen oýnar.