BMG 2024-nji ýyly Halkara düýedarçylyk ýyly diýip yglan etdi

06.12.2023, 12:477,460

Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýyly Halkara düýedarçylyk ýyly diýip yglan etdi.

Bu ýyl düýeleriň 90-dan gowrak ýurtda millionlarça öý hojalygynyň ýaşaýşy üçin serişde çeşmesini üpjün etmekde esasy roluny görkezer diýip, AZERTAJ BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) saýtyna salgylanyp habar berýär.
Alpakadan başlap, bir örküçli we iki örküçli düýelere çenli dürli görnüşleri, guanakolary, lamalary we wikunýalary öz içine alýan goşatoýnaklylar maşgalasy azyk howpsuzlygyny, iýmitlenişi we ykdysady ösüşi üpjün etmekde ýardam edýär. Olar dünýäde köp jemgyýetler üçin möhüm medeni ähmiýete hem eýedir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.