Serdar Berdimuhamedow Hamad bin Isa Al Halifany Bahreýniň Milli güni bilen gutlady

16.12.2023, 03:515,205

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

“Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.