ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

08.01.2024, 07:4533,527

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden maşgalasy bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat iberdiler.

"Goý, bu baýramçylyk günleri bizi ynam, umyt we söýgi bilen birleşdirsin!
Size parahatçylyk arzuw edýärin" - diýlip hatda bellenilýär.

Täze ýyly bilen Türkmenistanyň Prezidentini şeýle hem Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisi, Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýýa Sandu gutladylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.