Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

20.05.2024, 11:0234,852

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligine şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň aradan çykmagy zerarly gynynç bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Ýazmaça ugradylan habarda Hosein Amir Abdollahiýanyň sebitleýin we ählumumy parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşan diplomat hökmünde halklaryň ýadynda hemişelik galjakdygy beýan edilýär.
Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri Käni ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji wezipesine bellenildi. Bu barada IRNA agentligi habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.