Boeing Starliner-iň yzyna gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen ýene yza süýşürildi

22.06.2024, 15:077,186
1 / 2

Boeing korporasiýasynyň iki astronawt bilen CST-100 Starliner gämisiniň orbitadan Ýere gaýdyp gelmegi näbelli möhlet bilen yza süýşürildi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasynyň (NASA) beýanynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, NASA-nyň we Boeing-iň ýolbaşçylygy missiýany korrektirlemek kararyna geldiler, ýöne yza süýşürmäniň sebäbi görkezilmeýär.
Ilkibaşda CST-100 Starliner-iň yzyna gaýdyp gelmegi 18-nji iýuna meýilleşdirilipdi. Şol wagta çenli NASA-nyň astronawtlary Barri Wilmor we Sunita Wilýams Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) sekiz gün bolmalydylar. Soň möhlet 26-njy iýuna süýşürildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.