Türkmen wekiliýeti Çolpan-Ata şäherinde TDG-nyň Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy

30.06.2024, 08:105,038

27-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Halkara işewürlik forumyna gatnaşdy.

Çärä TDG-niň agza ýurtlarynyň wekiliýetleri we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn mehanizmleri hem-de gurluşlary güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen türki döwletleriniň söwda we senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde Forumyň maksatnamasyna laýyklykda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.