Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitine gatnaşýar

04.07.2024, 07:4411,694

Şu gün, 4-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar. Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.
Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.