Bloomberg: Arno $23 mlrd ýitirip, dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlüginden çykdy

16.08.2024, 05:207,932

Fransiýaly milliarder, LVMH kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy we prezidenti Bernar Arno dünýäniň iň barly adamlarynyň üçlügini terk etdi. Bu Bloomberg-iň milliarderler indeksiniň (BBI) maglumatlaryndan gelip çykýar.

Bloomberg-iň hasaby boýunça, Arnonyň baýlygy $185 mlrd bolup, bu ýylyň başyndakydan $23 mlrd azdyr.
Netijede, Arno reýtingde dördünji orna düşdi. Indi reýtingiň üçlügini amerikaly telekeçiler Ilon Mask ($235 mlrd), Jeff Bezos ($193 mlrd) we Mark Sukerberg ($188 mlrd) emele getirýär.
Arno ilkinji onlukda ABŞ-nyň raýaty bolmadyk ýeke-täk telekeçi bolup galýar.
LVMH – Tiffany & Co, Christian Dior we Dom Perignon ýaly 70-den gowrak brendi birleşdirýän gözellik predmetleriniň dünýäde iň uly konglomeraty. Arno we onuň maşgalasy kompaniýanyň paýnamalarynyň 48%-ine eýeçilik edýär.
Bloomberg-iň milliarderler indeksi her gün täzelenýär we bazarlardaky hem umumy ykdysadyýetdäki üýtgemeleri göz öňünde tutýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.