Russiýada daşary ýurtly dalaşgärler üçin rus dili boýunça bir umumy synag girizmek meýilleşdirilýär

02.01.2025, 13:0814,335

Russiýanyň hökümeti daşary ýurtly raýatlar üçin rus dili boýunça bir umumy standartlaşdyrylan synagy girizmek boýunça teklipleri taýýarlaýar. Degişli tabşyrygy ýurduň Prezidenti Wladimir Putin berdi diýip, Kremliň saýtyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Synag ýokary okuw mekdeplerine we ylmy guramalarda ýokary bilim programmasyna girýän dalaşgärler üçin hökmany bolar.
Tabşyrygyň tekstinde bilim programmalaryny özleşdirmek üçin zerur bolan dil biliş derejesine hem-de giriş synagyny geçirmegiň tertibine bildirilýän bir umumy talaplary kesgitlemegiň zerurlygy aýdylýar.
Şeýle-de, hökümet daşary ýurtly talyplar üçin döwlet maglumat hyzmatyny işläp taýýarlamaly. Bu sanly platforma “bir penjire” ýörelgesi boýunça işläp, Russiýada okamak mümkinçilikleri we şertleri, şeýle-de daşary ýurtly dalaşgärler üçin goldaw çäreleri barada maglumatlary berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.