Ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýyla süýşürildi

13.02.2025, 15:163,546

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlarynyň 2027-nji ýyla süýşürilendigini tassyklady we bu çärä degişli täze maglumatlary paýlaşdy.

HOK geçen tomusda ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlarynyň 2025-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljekdigini mälim edipdi. Täze maglumatlara görä, ilkinji Olimpiýa kibersport oýunlary 2027-nji ýylda Er-Riýad şäherinde geçiriler.

«Indi taryhy Olimpiýa kibersport oýunlary üçin gaty anyk [taýýarlyk] meýilnamasy bar. Kibersport Olimpiýadasyna tarap ýol şu ýyl başlanýar. Oýunlar hakykata öwrülýär» diýip, HOK-nyň Prezidenti Tomas Bah aýtdy.

Bu çäräniň esasy hyzmatdaşlarynyň biri Esports World Cup Foundation (EWCF) täjirçilik däl guramasy bolar.
«SportBusiness» neşiriniň ýazmagyna görä, ýaryşlaryň 2025-nji ýylda geçirilmezligine logistik bökdençlikler sebäp boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.