Türkmenistanda dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamy kämilleşdiriler

22.02.2025, 07:302,382

Türkmenistanda dokma kärhanalarynyň dolandyryş ulgamy kämilleşdiriler we maddy-enjamlaýyn binýady berkidiler. 21-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bu babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýer N.Atagulyýew wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda dokma senagaty kärhanalarynyň işini has-da ilerletmek, netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň pagta egirme hem-de nah ýüplük egriji fabrikleriniň käbiriniň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek boýunça degişli teklip hödürlenildi.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.