Türkmen karateçileri Polşada fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda 21 medal gazandylar

19.05.2025, 03:408,020

Polşanyň Pulawy şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler jemi 21 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 47 ýurtdan 3 müň töweregi türgen gatnaşdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlary: 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal.
Altyn medallaryň eýeleri:

  • Nurgeldi Annagurbanow
  • Hemra Begjanow
  • Maksatgeldi Geldiýew
  • Selim Myratdurdyýew
  • Eziz Zekerýaýew
  • Çerkez Myratdurdyýew
  • Ibragim Şagulyýew

Kümüş medal gazananlar:

  • Maksatgeldi Geldiýew
  • Kemal Ataýew
  • Meýlis Çaryýew
  • Bazarbaý Ödäýew
  • Yhlas Annagurbanow

Bürünç medallaryň eýeleri:

  • Serdar Baýryýew
  • Yslam Ulygbekow
  • Hemra Begjanow
  • Eziz Zekerýaýew
  • Kemal Ataýew
  • Sylap Toýlymyradow
  • Meýlis Çaryýew
  • Bazarbaý Ödäýew (iki bürünç medal)

Fudokan – 1980-nji ýylda ýugoslawiýaly ussat Ilýa Ýorga tarapyndan döredilen däp bolan karate stilidir. Häzirki wagtda bu sport görnüşi bilen dünýäde 2 milliondan 15 milliona çenli adam meşgullanýar. Halkara fudokan federasiýasy dünýäde Karate boýunça federasiýalaryň arasynda ikinji orunda durýar (birinji orunda – Dünýä Karate federasiýasy, WKF).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.