RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

25.06.2025, 05:5514,672
1 / 2

24-nji iýunda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Türkmen paýtagtynda Lawrowy Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin, Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri R.Meredow garşy aldylar.

Russiýanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, saparyň barşynda russiýaly diplomat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirer.
Diplomatlar ýokary we iň ýokary derejelerde boljak syýasy aragatnaşyklary, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.