Serdar Berdimuhamedow Indoneziýany Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

18.08.2025, 05:264,128

Prezident Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianto ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Prabowo Subianto tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Indoneziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Indoneziýanyň Garaşsyzlyk güni - ýurduň esasy milli baýramy. Bu ýurt 1945-nji ýylyň 17-nji awgustynda garaşsyzlygyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.