Italiýada 2500 ýyllyk grek heýkeli tapyldy

19.12.2025, 05:414,548

Arheologlar Italiýanyň gadymy etrusk şäheri bolan Wulçide Kory hudaýynyň mermer heýkeliniň kellesini tapdylar. Tapyndynyň 2500 ýyldan gowrak ýaşy bar diýip, Arkeonews žurnaly habar berýär.

Fraýburg uniwersitetinden doktor Mariaçiara Françeskiniň we Maýns uniwersitetinden doktor Pol P. Pasekanyň pikirine, heýkel grekler bilen etrusklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň öň pikir edilişinden has giň bolandygyny tassyklaýar.

Uzak wagtlap bu medeniýetleriň arasyndaky özara gatnaşyklar, esasan, keramika söwdasy bilen çäklenýär diýip hasaplapdyrlar. Emma tapylan arheologik artefakt has çuňňur medeni we dini gatnaşyklaryň bolandygyny görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.