LG kompaniýasy Sony we TCL-iň yzýany 8K modelleriniň önümçiligini duruzýar: sebäbi näme?

01.02.2026, 11:203,582

LG kompaniýasy 8K durulykly telewizorlaryň önümçiligini bes etdi. Günorta koreýaly öndüriji Sony we TCL kompaniýalarynyň yzy bilen bu segmenti terk edýär diýip, TechRadar neşiri habar berýär.
LG şeýle formatdaky ilkinji modelini 2018-nji ýylda tanyşdyrypdy. Häzirlikçe satuwda geçen ýyl çykarylan «Z3» tapgyrynyň galyndylary saklanyp galar, emma şeýle görnüşli täze enjamlary işläp taýýarlamak we öndürmek mundan beýläk meýilleşdirilmeýär. Indi bu  meýdançada ýeke-täk iri oýunçy bolup Samsung galýar.
Pudaklaýyn hünärmenler bu segmentiň çolarmagyny enjamlaryň bahasynyň 4K modelleri bilen deňeşdirilende juda ýokarylygy bilen baglanyşdyrýarlar. Mundan başga-da, şeýle telewizorlaryň bazarda 10 ýyldan gowrak wagt bäri bardygyna garamazdan, olar üçin niýetlenen kontentler henizem juda az.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.