Tozan sorujy öndürýän Dreame altyn çaýylan kaşaň smartfonlary çykarar

21.02.2026, 05:514,577
1 / 4

Dreame kompaniýasy Hytaý Täze ýyly mynasybetli altyn çaýylan korpusly we gymmat bahaly daşlar bilen bezelen Aurora smartfonunyň çykaryljakdygyny habar berdi. Modeliň suratlary Hytaýyň Weibo sosial torunda peýda boldy.

Robot-tozan sorujylaryny we hojalyk tehnikalaryny öndürmekde ýöriteleşen kompaniýa bu enjamy öňki RS1, Air1 we E1 modellerinden tapawutlanýan aýratyn liniýa hökmünde hödürledi. Smartfon üç sany nepis dizaýn görnüşinde işlenip düzülen:

«Feniks» dizaýny


Bu wersiýa gaýtadan dogulmagyň nyşany bolan rowaýaty guşuň stilinde bezelipdir. Model eksklýuziw kolleksiýa enjamlarynyň segmentine gönükdirilendir.

«Aždarha» dizaýny


Bu görnüşiň korpusy aždarha we onuň inçelik bilen işlenen gowunyň şekili bilen bezelipdir. Beýleki modifikasiýalar ýaly, bu enjama hem altyn çaýylan.

«Altyn At» dizaýny


Dizaýnyň üçünji görnüşinde altyn atyň nusgasy ulanylan. Resmi habarlarda bu seriýanyň «talapkär kolleksionerler» üçin döredilendigi bellenilýär.
Dreame Aurora smartfonlarynyň tehniki aýratynlyklary, bahasy we satuwa çykaryljak möhleti häzirlikçe mälim edilmeýär. Şeýle-de, gadžetiň Hytaýdan beýleki ýurtlarda elýeterli boljakdygy barada hem belli-külli maglumat ýok.
Mundan ötri, brend smartfonlardan başga-da, öz önüm gerimini akylly ýüzükler, ekşn-kameralar we elektromobiller bilen giňeltmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.