Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

27.02.2026, 13:511,931

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi. Kompaniýalar Netflix-e şertlere mümkin boldugyça täzeden seretmek üçin dört iş gününi berdiler, emma Netflix baha teklibini artdyrmajakdygyny derrew habar berdi.

Netflix-iň bilelikdäki ýolbaşçylary Ted Sarandosyň we Greg Pitersiň beýanatynda bellenilişi ýaly, kompaniýa Warner Bros.-y satyn almagy amatly bahada mümkin bolan söwda hökmünde görýärdi, emma ony diýen bahasyny töläp almak ugrunda gidişmäge taýýar däldi.

Paramount Skydance-iň teklibi Warner Bros. Discovery-niň bir paýnamasy üçin 31 dollar tölemegi göz öňünde tutýar. Ol şeýle hem, eger kompaniýalaryň arasyndaky hereket edýän ylalaşyk ýatyrylsa, Warner Bros. Discovery-niň Netflix-e tölemeli boljak 2,8 mlrd dollar möçberindäki öwez tölegini ýapmak borçnamasyny öz içine alýar.

Netflix-iň başlangyç teklibinden soň, Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ni doly eýelemäge gönükdirilen tagallalaryna başlady. WBD-niň direktorlar geňeşi birinji teklibi ret etdi, şundan soň taraplar söwdanyň şertlerine birnäçe gezek gaýtadan seretdiler.

Warner Bros. Discovery bilen Paramount Skydance-yň arasyndaky ylalaşyk barada gutarnykly karar heniz kabul edilmedi. Eger tassyklansa, geleşik kadalaşdyryjy edaralar bilen ylalaşmagy hem talap eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.