«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

21.03.2026, 09:443,618

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär.

Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy. Deňeşdirip görsek, 2022-nji ýylda tomaşaçylaryň sany 16,6 million, 2025-nji ýylda bolsa 19,6 million adam bolupdy.

Dabaranyň alyp baryjysy hökmünde ýene-de Konan O’Braýen çykyş etdi. Ýylyň esasy ýeňijisi alty sany baýraga mynasyp bolan «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy. Ol «Iň gowy film», «Iň gowy režissýorlyk» we ilkinji gezek girizilen «Iň gowy kasting» ýaly ugurlarda ýeňiş gazandy.

Şeýle-de, birnäçe baýraklary «Günäliler» (dört baýrak) we «Frankenşteýn» (üç baýrak) filmleri eýelediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.