Hindistanda 11 700 gülden ybarat dünýädäki iň uly gül çemeni döredildi

06.04.2026, 11:4410,937
1 / 2

Hindistanyň Ahmedabad şäherinde döredilen dünýädäki iň uly gül çemeni täsin rekord hökmünde hasaba alyndy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, 11 700 sany janly hrizantemadan ybarat bu äpet güldessäni el bilen götermedem mümkin däl.

Geň-enaýy çemen «Agzybirligiň gülleýşi» («Unity Blossom») diýlip atlandyryldy. Onuň beýikligi we ini 10 metrden geçýär.

Taslama şäheriň munisipal korporasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýän gül sergisiniň esasy merkezi hökmünde taýýarlandy.

Ahmedabad şäheriniň Sabarmati derýasynyň kenarynda geçirilýän bu gül sergisi 2013-nji ýyldan bäri guralyp gelýär. Ol indi ýönekeý bir ýerli çäre bolmakdan geçip,  dünýä syýahatçylarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.