Netflix «One Piece» animesiniň LEGO görnüşiniň treýlerini hödürledi

14.04.2026, 09:51991

Netflix striming gullugy «One Piece» («Bir bölek») älemine esaslanan LEGO-spin-off barada habar berdi we taslamanyň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi.

Ýörite bölüm 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda tomaşaçylara ýetiriler.

Taslama iki bölümden ybarat bolar we bu Netflix üçin beýle formatdaky ilkinji tejribe bolar.

Onda täze bir mazmun hödürlenmez-de, esasy serialyň ilkinji iki möwsüminiň wakalary gysgajyk we degişme äheňinde gaýtadan gürrüň berler.

Bu ýörite bölüm tomaşaçylary 2027-nji ýylda garaşylýan «Alabasta ugrundaky söweş» atly üçünji möwsümine taýýarlamak maksady bilen çykarylýar.

Şol bir wagtda asyl nusgadaky anime hem dowam edýär. Birneme arakesmeden soň, serial 5-nji aprelde «Elbaf» bölümleri bilen ekrana gaýdyp geldi. Indi görkeziliş täze tertip boýunça dowam eder we ýylda jemi 26 bölüm çykarylyp, olar birnäçe tapgyra bölüner.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.