Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

17.04.2026, 11:154,297
1 / 3

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekdi.

Gol çekilen resminamalaryň arasynda şular bar:

  • Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň we Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk; 
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni merkezleri özara döretmek hakynda Ylalaşyk; 
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026 — 2030-njy ýyllar) hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
  • Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş ylalaşyk.

Şeýle hem komitetiň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.