Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

20.04.2026, 15:137,193

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpy hakda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa agentligine salgylanýan NHK  habar berýär.

Takyklanan maglumatlara görä, ýer titremesiniň ojagy 20 km çuňlukda ýerleşýär. Honsýu adasynyň demirgazygynda ýer titremesiniň güýji milli ölçegde 5+ balla ýetdi, bu bolsa adamlaryň hereket etmegini kynlaşdyrýar we binalara zyýan ýetirip biler.

Iwate we Aomori prefekturalary hem-de Hokkaýdo kenarýakalary üçin 3 metre çenli belentlikdäki tolkunlaryň boljakdygy barada duýduryş berildi. Kudzi we Miýako portlarynda 80 we 40 sm belentlige galan tolkunlar hasaba alyndy. Hökümet takmynan 170 000 adamy ewakuasiýa etmek barada görkezme berdi, duýduryşlar millionlarça ýaşaýjylara degişlidir.

Tohoku we Ýamagata ugurlarynda ýokary tizlikli otly gatnawy wagtlaýynça togtadyldy. Atom elektrik stansiýalarynda hiç hili bökdençlikler ýüze çykmady.

Premýer-ministr Sanae Takaiti kenarýaka sebitleriniň ýaşaýjylaryny howply zolaklardan derhal çykmaga çagyrdy. Hökümetiň içinde operatiw iş topary döredildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.