Hindistanyň gündogarynda ýagan güýçli ýagynlar Assam we Arunaçal-Pradeş ştatlarynda ägirt uly suw joşgunlaryna we weýrançylyklara sebäp boldy. «Hindustan Times» gazetiniň berýän maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylygyň netijesinde 22 müňden gowrak adam zyýan çekdi.
Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek boýunça ýerli edaranyň habar bermegine görä, Assam ştatynda zyýan çekenleriň sany 22 124 adama ýetdi. Goňşy Arunaçal-Pradeş ştatyndan bolsa ýerli ýaşaýjylaryň üçüsiniň heläk bolandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy. Häzirki wagtda halas ediş gulluklarynyň işgärleri betbagtçylyga sezewar bolan sebitlerde gözleg işlerini dowam etdirýär.
Suwuň derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli 96 sany oba we 1,6 müň gektar töweregi oba hojalyk maksatly ýerler suw astynda galdy. Güýçli suw akymlary awtomobil ýollaryna we ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetirdi. Mundan başga-da, Dhemaji okrugynda 1965-nji ýyldan bäri hyzmat edip gelýän demirýol köprüsiniň bir böleginiň weýran bolandygy hasaba alyndy.
Häkimiýetler jaýsyz galan raýatlary ýörite taýýarlanan wagtlaýyn ýaşaýyş nokatlarynda ýerleşdirdi.
Häkimiýetleriň mälim etmegine görä, häzirki howa şertleri has ejiz zolaklarda täze garaşylmadyk suw joşgunlaryna, süýşgünlere, şeýle hem infrastrukturanyň işinde bökdençlikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.