Hytaýda guşlar sebäpli gurluşyk işleri wagtlaýyn saklandy

Şu gün, 05:072
1 / 2

50 müňe golaý gülgüne sarlaryň höwürtgelemek üçin gurluşyk meýdançasyny saýlamaklary Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Inin şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini awgust aýyna çenli togtatmaga mejbur etdi.

Guşlar bütin tomus diýen ýaly bu ýerde jüýje çykararlar we olary ulaldarlar. Höwürtge gurmak we nesil öndürmek möwsümi tamamlanandan soň, gurluşygy täzeden dowam etmek meýilleşdirilýär.

Bu guşlar uly sürüler bolup ýaşaýarlar we adatça gurak açyk meýdanlarda, daş üýşmekleriniň hem-de gaýa jaýryklarynyň arasynda höwürtge gurýarlar. Guşlar bu grluşyk meýdançasyny hem özlerine ýaşamak hem köpelmek üçin amatly hasaplan bolarly.

Ýerli häkimiýetler tarapyndan bu guşlaryň goralmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki bu guşlar esasan çekirtgeler bilen iýmitlenýärler we zyýankeşleriň sanyny azaltmak arkaly oba hojalygyna uly ýardam berýärler.

Inin şäherinde guşlaryň parahat durmuşyna hiç zadyň päsgel bermezligi üçin, ýörite gorag lentalary we duýduryş belgileri bilen gurşalan dokuz sany höwürtgelik ýerler hem taýýarlanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.