Stambulda 5 müňe golaý adam horon tansyny oýnap, Ginnesiň kitabyna girdi

Düýn, 12:384,593
1 / 3

Stambulda bäş müňe golaý adam bir wagtda türkleriň däp bolan horon tansyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada TRT Haber telekanaly habar berýär.

Bu köpçülikleýin çykyşa şäheriň müňlerçe ýaşaýjysy we myhmanlary gatnaşdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tans tamamlanandan soňra bu üstünligi resmi taýdan hasaba aldy.

Horon — Türkiýäniň iň meşhur halk tanslarynyň biri bolup, ol ýurduň Gara deňiz sebitinde giňden ýaýrandyr. Bu tans däp bolan saz gurallarynyň astynda tegelek görnüşde ýa-da bir hatara düzülip ýerine ýetirilýär. Tans gatnaşyjylaryň çalt ritmi we hereketleriniň sazlaşyklylygy bilen tapawutlanýar.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, bu çäre Türkiýäniň milli däp-dessurlaryny we medeni mirasyny giňden wagyz etmäge gönükdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.