Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti «Arkadag» teleýaýlymy üçin döwrebap enjamlary satyn almak we enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bäsleşige telewizion enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan kompaniýalar çagyrylýar. Gatnaşmak isleýänler aşakdaky talaplary ýerine ýetirmelidir:
- gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezip, ýazmaça arza tabşyrmaly;
- bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
- tehniki tabşyrygy almaly;
- getirilýän enjamlaryň hili we gelip çykyşy baradaky degişli resminamalar bilen birlikde täjirçilik teklibini taýýarlamaly hem-de hödürlemeli.
Teklipler pul serişdeleri hasaplaşyk hasabyna geçirilenden soň gözden geçiriler.
Bäsleşik teklipleri 2026-njy ýylyň 29-njy awgustyna çenli ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli şu salgyda kabul edilýär: Türkmenistan, Aşgabat ş., «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi.
- Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 44-24-24 / +993 12 44-22-00
- Faks: +993 12 92-52-42
- Elektron poçta: turkmentv@sanly.tm