Johnson & Johnson on müňlerçe şikaýat boýunça ylalaşyk gazanmak üçin $5,5 mlrd tölär

31.07.2026, 09:525,179

Johnson & Johnson kompaniýasy düzüminde talk bolan önümleriň, şol sanda çaga prisypkasynyň ýumurtgalygyň düwnük keselini döredýändigini tassyklaýan on müňlerçe şikaýatnamalary ylalaşykly çözmek üçin, takmynan, 5,5 milliard dollar tölemek barada ylalaşyk gazandy. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy ýazýar.

Ylalaşyk federal we ştat kazyýetlerinde seredilýän, takmynan, 76 müň töweregi arza degişlidir. Onuň güýje girmegi üçin ýumurtgalygyň düwnük keseli barada galan arzalaryň azyndan 95%-ine wekilçilik edýän şikaýatçylaryň razylygy gerekdir.

Kompaniýa ilkinji 3 milliard dollarlyk tölegi 2027-nji ýylda, galan serişdeleri bolsa 2028-nji ýylda tölemegi meýilleşdirýär.

«Reuters» gullugynyň maglumatlaryna görä, tölegleriň soňky jemleýji mukdary ylalaşyga gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda has ýokary bolup, 7 milliard dollardan hem geçip biler.

Kompaniýanyň kazyýet diňlenişikleri boýunça wise-prezidenti Erik Haas çözgüdiň geçirilen kazyýet diňlenişiklerinden soň kabul edilendigini aýtdy. Şol diňlenişikleriň dowamynda, kompaniýanyň aýtmagyna görä, şikaýatçylar talkyň ulanylmagy bilen keselleriň arasyndaky sebäp-netije baglanyşygyny ynandyryjy subut edip bilmedi. Kompaniýa öz önümleriniň düwnük keseliniň ösmegi bilen baglanyşygynyň bardygyny inkär etmegini dowam etdirýär we harytlarda asbestiň ýokdugyny aýdýar.

2020-nji ýylda Johnson & Johnson ABŞ-da we Kanadada talk esasly çaga prisypkasynyň satylmagyny bes etdi, 2023-nji ýylda bolsa doly derejede mekgejöwen krahmally önümlere geçdi. Bu iş boýunça kazyýet diňlenişikleri on ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.