K-pop dünýäsiniň iň şöhratly toparlaryndan biri bolan BTS-iň ýyldyzy Çonguk dünýä belli Graff zergärçilik öýüniň täze global ilçisi diýlip, resmi taýdan yglan edildi.
WWD neşiriniň habar bermegine görä, brend bu hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy üçin günorta koreýaly aýdymçynyň gatnaşmagyndaky ilkinji mahabat kampaniýasyny eýýäm taýýarlady we köpçülige görkezdi.
Çongugyň özi hem bu täze derejesi baradaky duýgularyny paýlaşyp, munuň özi üçin uly mertebedigini belledi. Aýdymçy onlarça ýyllaryň dowamynda «ençeme rowaçlyklaryň döredijisi» bolan Graff öýüniň ilçisi bolmak mümkinçiligine eýe bolandygy üçin örän buýsanýandygyny boýun aldy.
Ilkinji mahabat kampaniýasynyň çäginde aýdymçy «Laurence Graff Signature» toplumyndan bolan uly zergärçilik şaý-seplerini görkezýär. Bu ugurdaky önümleri döredijiler öz ömrüni seýrek hem-de täsin göwherleri tapmaga we olara inçe zergärçilik usulynda şekil bermäge bagyşlan brendiň esaslandyryjysynyň üýtgeşik ussatlygyndan ylham alypdyrlar.
Bellemeli zat, bu hyzmatdaşlyk meşhur aýdymçynyň soňky döwürde ýokary moda bazaryndaky birinji uly ädimi däldir. Şu ýylyň (2026) fewralynda Çonguk Şweýsariýanyň meşhur «Hublot» sagat brendiniň hem resmi ilçisi bolupdy.