Günorta Koreýada Türkmenistanyň medeni mirasy tanyşdyryldy

Şu gün, 10:381,077
1 / 2

16-njy sentýabrda Günorta Koreýanyň Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet güni geçirildi. Çäre «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Aziýa medeniýetiniň milli merkezinde gurnaldy.

Çäräniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrliginiň Aziýa medeniýetiniň milli merkeziniň arasynda medeni alyş-çalyşda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Medeniýet gününiň çäklerinde sergi guralyp, onda 100-den gowrak eksponat: şaý-sepler, halylar we haly önümleri, milli lybaslar we başgaplar, milli saz gurallary, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi.

Aýratyn maksatnama türkmen artistleriniň 19 çykyşyny öz içine aldy. Tomaşaçylara milli sazlar, halk aýdymlary, dutar çalmak sungaty we milli tanslar hödürlendi.

Şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň obýektleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň medeni desgalary we taryhy ýerleri barada ýörite wideotaslamanyň dünýä premýerasy boldy. Wideo «360° Circle in Asia» taslamasynyň çäklerinde ýörite tehnologiýalary we enjamlary ulanmak bilen taýýarlandy.

Çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew, ýurduň medeniýet edaralarynyň wekilleri, artistler we döredijilik toparlary gatnaşdy.