Fransiýa bilen Günorta Koreýa kino pudagyny ösdürmäge €1 mlrd gönükdirer

Düýn, 19:551,534

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Günorta Koreýanyň prezidenti Li Je Mýon kino pudagynda bäş ýyllyk hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Lumiere Partnership başlangyjyny ýola goýýarlar.

Ylalaşyga laýyklykda, 2027–2031-nji ýyllar aralygynda dünýäniň kino pudagyny ösdürmek üçin iki ýurduň her biri 500 million ýewro serişde gönükdirer. Ilkinji maliýe gurallarynyň 2027-nji ýyldan işe girizilmegine garaşylýar.

Bu hyzmatdaşlyk Fransiýanyň günortasyndaky Sen-Pol-de-Wans şäherinde geçirilen Lumiere Summit-de yglan edildi. Çäre kino sungatynyň düýbüni tutan doganlar Lýumýerleriň hormatyna atlandyryldy. Sammite dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan kino pudagynyň 200-den gowrak wekili gatnaşdy.

Myhmanlaryň arasynda aktýor Jorj Kluni, Mediawan kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Pýer-Antuan Kapton, Netflix kompaniýasynyň prezidentleriniň biri Ted Sarandos, NBCUniversal kompaniýasynyň ýolbaşçysy Donna Lengli, CAA agentliginiň ýolbaşçysy Braýan Lord we Kann film festiwalynyň prezidenti Aýris Knobloh hem bar.

Sammitde çykyş eden Emmanuel Makron emeli aňyň kino pudagyna ýetirýän täsirine hem aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, emeli aňyň ssenariçileriň we beýleki döredijilik işgärleriniň ornuny tutýan gurala öwrülmegi «örän uly ýalňyşlyk» bolar. Şeýle hem ol dünýä kino pudagyny goldamak üçin köp taraply täze hyzmatdaşlyk ulgamyny döretmäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.